Ýaranjaňlyk we seniň aslyň

Adam aýtdy:

"Alekseý Tolstoý 1937-nji ýylda Pariže baryp, hudožnik Ýuriý Annenkowa içini döküpdir: "Men hiç bir zada ynanmaýaryn, hiç zat piňime däl! Men bir başy ölümli, ýaşasy gelýän, gowy ýaşamak isleýän ýönekeý adam, bar mesele şunda. Meniň edebi döredijiligimmi? Ol meniň piňime däl. Propaganda, wagyz oýunlaryyny ýazmmalymy? Başaşyr gitsin, men olary ýazaryn! Men "Pýotr Birinjini”, partiýanyň açyşlaryna laýyklykda gaýtadan ýazdym, indi şol bir zadyň üçünji, belki-de soňky görnüşini taýýarlaýaryn, sebäbi onuň ikinji görnüşi hem biziň Iosifimizi kanagatlandyrmady. Men indi göz öňümde ähli Iwan Groznylary we Rasputin tetellileri aklanan, marksçy bolan we ýerde-gökde goýulmadyk görnüşde görýärin. Meniň üçin bary bir! Bu gimnastika meni haýran galdyrýar! Dogrusyny aýtsam, akrobat bolmaly bolýaryn. Mişka Şolohow, Saşka Fadeýew, Ilýa Erenbrýuklar, bularyň ählisi akrobat. Ýöne olar graf däl. Men bolsam, arwah ursun, graf!..” Alekseý Tolstoý öz graf neberesinden akrobatlaryň az çykandygy üçin utanmaly bolupdyr. Ýöne döwür, durmuş akrobatlaryňky bolsa, seniň neberäň, asyl gelip çykan tiräň ýa taýpaň, asylzada aslyň neýlesin?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024