Pese düşmek ýaryşy

Adam aýtdy:

"Uly eşekden kiçi eşek ... iýmegi öwrener" diýipdirler. Biri başga birlerine sesini gataldyp başlasa, ikinjisi bagyrmaga, arlamaga başlaýar; biri başga birlerine bir ýakymsyz söz aýtsa, şyltak atsa, beýlekisi agzyna gelenini diýýär. Hamala, adamlar pese düşmekde, ýapaşak ylgamakda ýaryşýan ýaly. Ýöne olar, görnüşinden, özi ýalylaryň gözüniň öňünde beýgelýärler, dogumly ýa bolmanda agyzly. Söz azatlygyny berseň, başga zat bolmasa-da, adamlar, iň bolmanda, derejeleriň örän köp dürlüdigini-hä görkezip biljek eken. Belki, bu-da geçilmeli ýoldur.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024