Türme sapagy
Adam aýtdy:
"Türmä düşseň, ozaly özüňi, soň il-günüňi, dost-ýaryňy, dogan-garyndaşlaryňy gowy tanarsyň. Yzyňda ejeň aglar, naçar aýalyň, çagalaryň aglar. Çagalaryň agzyndan kesip, yzyňdan geçirilen zadyň ýarysyny bolmasa, üçden birini, dörtden birini hökümet ýa hakykat, kanun ýa adalat gullukçylary ogurlar. Ozal olar beýle açdyr, beýle ejiz hem namartdyr öýden dälsiň. Yzyňda edilýän gürrüňler hem gulagyňa deger: ýakynyň getirer, sülçüler aýdar, aklawçyň dilinden sypdyrar... Hatda doganlaryň süýtdeş içinde-de, “bolaýdy soňa, gaty gidýärdi, jaý alan bolup, maşyn alan bolup” diýýänler tapylar. Dostlaryň içinde bolsa, “öýüne daşary ýurt mebellerini, gowy diwan alan bolup, patyşa-da isläniňi diýibermelidir öýtdi” diýip, toýda seni türmä basdyran töhmetçi prezidentiň jan saglygyna bada göterenler hem tapylar. “Ökünip aglaýarmy, emma indi giç, çykmaz o taýdan” diýen nätanyşlar barada-da, “indi sypdyrmaň, gaty sypjykdyr” diýip, KGB-ä jaň eden ýazyjylar hakynda-da aýdarlar. Emma ol wagt bu zatlara kän üns bermersiň, sebäbi olaryň bary biderek görner. Esasy mesele olaryň begeneni däldir, seniň azatlyga çykmagyňdyr; boş, özüne bigäne mähelläni uzak begendirmezligiňdir. Onsoň, eliňde bar karty oýnarsyň, elbetde. Netijede, nesibäň bolsa, bir gün türmeden çykarsyň. Ýöne şondan soň bu zatlar, öňki biderek görnen gürrüňler gaýtadan kelläňe, ýüregiňe gaýdyp geler. Olar, hususan-da, bir iş etjek bolaňda, göýä, bir zatlary ýatlatjak bolýan ýaly, keseden, gapdaldan, ýokardan seredip duran ýalydyr. Diýmek, olar seniň öň pikir edişiň ýaly, beýle bir biderek zatlar hem däldir. Belki, derekli, gerekli zatlardyr. Türmä düşseň, dogry, gynanmaly, ýöne özüňi, il-günüňi has gowy tananyňa, nähili ýagdaýa düşeniňde nämelere garaşmalydygyňy gaty giç dälkä, belki-de tüýs wagtynda bileniňe begenmeli.”