Senediň we sylagyň öldürilýän ýeri

Adam aýtdy:

"Adama baýrak gerek, at-dereje, sylag, wezipe, pul, mal-dünýe gerek. Az däl, kän gerek. Has anygy, munuň soňy ýok. Bu ýola düşen adam hiç bir zatdan utanmaýar. Üstesine, baýrak alan adam bu baýraga näderejede mynasyp ýa mynasyp däl, bu soragyň jogaby hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Hatda onuň baýrak almagy barypýatan, görnetin syýasy mesele bolsun, adamlar, bahyl ýa görip bolmajak bolup, diline gelen sözleri dişinden aňyrda saklamaga çalyşýar. Bu adalatsyzlyk diňe baýrak alany däl, beýleki adamlary hem üýşendirmeýär: olar ýalanyň, galplygyň soň has agyr netijeleriniň boljagyndan alada galamaýarlar. Asyllysyran bolsalar-da, şöhratparaz adamlar bu ýagdaýa begenýärler. Sebäbi olar, nähili ýagdaýda bolsun, baýrak alsalar, özlerine baýrak alan adam hökmünde serediljeginden lezzet alman bilmeýärler. Beýlekiler bolsa oňa, pylan baýragyň eýesi diýseler, baýraksyz adamlara garanda, has uly ykrar ýa mähir biler seredýärler. Bu, megerem, adamlaryň baýrak bilen syýasatyň arasyndaky baglanyşygy görmezligi ýa-da görmek islemezligi bilen bagly. Eger siňe seretseň, syýasy ýa ykdysady sebäpler esasynda berilýän baýraklar hakykatda ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan üstünligi ykrar etmekden, beýgeltmekden geçen, peselder. Megerem bu hakyky senediň-de, hakyky sylagyň-da ölýän ýa öldürilýän ýeri bolsa gerek.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024