Azgynlyk we hajy oýny

Adam aýtdy:

"Bütin il, garry ýa ýaş diýmän ezilsin, maýyp ýa hassa diýmän talansyn, ýetim-ýesir aç galsyn, müňlerçe däl, her ýylda on on müňlerçe maşgala tozsun, dargasyn, ýurt baýlygy zerarly dörän azgynçylykdan, garyplykdan, mätäçlikden ýaňa, adamlar ömür etmejek işlerine, her hili peslige baş goşsun, sen öz oýnuňy oýna, hajy oýnundaky roluňy ýerine ýetir. Elbetde, hajy oýnunyň belli bir düzgünleri, talaplary bar, ol hajylar klubynyň agzalary üçin umuman howpsuz, ýöne käte kadadan çykmalar hem bolup bilýär. Diýmek, ol oýnuň dowamynda, garyp il ýaly, ýa ondanam beter güne düşüp, senem, seniň maşgala agzalaryň-da pida bolup biler. Şonda hiç zady gaty görme, alladan hem nadyl bolma. Ol saňa ilden üýtgeşik ikilik ýa rehimsizlik etmez, ile edenini eder, hiç bir nalyşyňy eşitmez. Eli bilen eden egni bilen çeker diýip bir erteki bardyr. Munuň ertekidigini, edenini egni bilen çekýäniň azdygyny hemme kişi bilýär. Ýöne bu käte şeýle bolup hem bilýär. Sebäbi muňa azgynlyk we hajy oýny diýilýär.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024