Magtymgulynyň aýtjak bolan hakykaty
Adam aýtdy:
"Ýurtlar, halklar, bilmersiň nämeden, onlarça ýyl içinde hem üýtgäp, ösüp bilýär we asyrlap hem üýtgemän, ösmän galyp bilýär. Moskwada şu gün, 228 ýyl öň (1794) doglan Petr Çaadaýew rus durmuşyndaky yzagalaklyklary görmäge we aýtmaga akyl, gaýrat tapany üçin, rus hökümeti tarapyndan “däli” diýlip yglan edilipdir. Onuň "Filosofiki hatlaryny” okan häkimiýetler Russiýanyň dünýä medeniýetinden üzňeligi, düşen ruhy çökgünligi barada aýdylan zatlardan gahar-gazaba münüp, tasdan däliräre gelipdir. Nikolaý I, rus imperatory bu makalany okap, ony diňe akylyndan azaşan adamyň ýazyp biljekdigini aýdypdyr. Şondan soň awtory polisiýa çagyryp, hökümetiň buýrugy boýunça, onuň "däli“ diýlip yglan edilýändigini aýdypdyrlar. Öý tussagy edilen Çadaýew tutuş bir ýyllap lukmanyň gözegçiliginde saklanypdyr. Bu gözegçilik diňe “hiç zat ýazmazlyk şerti” bilen ýatyrylypdyr. Ýöne ol ýene ýazman durup bilmändir, “watançylygynyň ýetmezligi” baradaky aýyplama jogap hökmünde, "Däliniň ötünji” atly eserini ýazypdyr. Onda şeýle setirler bar: "Beýleki halklarda ýönekeý endik, instinkt bolan zatlary biz öz kellämize çekiçläp salmaly bolýarys. Biziň ýatlamalarymyz düýnki günden aňryk geçenok; biz, hamala, öz-özümize keseki ýaly”. Käşgä, bu diňe ruslar barada aýdylan bolsa, bizem ony rus dostlarymyzdan eşidip, Petr Çadaýewiň ömrüniň ahyryna çenli çap edilmedik ýazgylarynda özümizi görmesek... Eýsem, bizde bu günki gün näçe çap edilmedik "ötünç” barka, näçe akyldar däli hasaplanýarka? Magtymguly Pyragy "Il içinde däli bolup galyp men“ diýende, şuny aýtjak bolan bolmasyn?”