Meýletin gulçulygyň sebäbi
Adam aýtdy:
"Taryhy taýdan seredilende, Howard Zinn aýtmyşlaýyn, iň aýylganç zatlar: uruş, genosid we gulçulyk adamlaryň boýun egmezligi netijesinde däl, eýsem boýun egmegi, tabyn bolmagy netijesinde döräpdir. Ýöne adamlar taryhdan köplenç dogry-dürs netije çykarmaýarlar we şol bir ýalňyşlygy asyrma-asyr gaýtalaýarlar. Munuň bir sebäbi adamlaryň taryhy gowy bilmezligi ýa halkyň huşunyň juda kelte bolmagy bilen bagly bolsa, ikinji sebäbi tabyn bolan bolmak oýny, diňe amatyna däl, howply işi başgalaryň ederine garaşmak bilen bagly. Ýaponlar aýtmyşlaýyn, çykyp duran çüýüň depesinden çekiç iner, goý, ol çekiç meni görmesin. Bu köp adamyň baş pelsepesi, şu sebäpden köplügiň bir gün garaşmagy bes edip, özüni halas edip biljegine kän bil baglama.”