Gymmat düşýän arzan hormat
Adam aýtdy:
"Hormat-sylag diýilýän zat aslynda söýginiň bolmaly ýerindäki boşlugy ýaşyrmak ýa ýapmak üçin oýlanyp tapylanmyş. Bu pikiri Lew Tolstoýyň adyna berýärler. Emma, göwnüme bolmasa, bu pikir köne kitaplaryň birinde hem öňümden çykan ýaly bolup dur. Ýöne mesele bu pikiri kimiň ilki ýa soň aýdanlygynda däl, onuň örän dogry bolmagynda. Bizde soňky ýyllar “hormatly” diýen söz aşa kän ulanylýar we bu şol “hotmatly” diýilýäniň söýülmekden geçen, şonça kän hormatlanylmaýandygyny, sylanmaýandygyny, belki-de ýigrenilýändigini aňladýar. Özem muny iki tarap hem bilýär. Ýöne olar, hakyky söýginiň ýa-da ýönekeý hormat-sylagyň ýetdirmeýän jemgyýetinde aňrybaş derejede arzanlan ýalan, aňyrsy görnüp duran galp hormaty hem, hakyky söýgi, sylag ýaly, gymmat baha töläp, daşyna owadan kagyz doladyp, öýlerine alyp gaýdýarlar. Sebäbi, basylyp alnan ýa-da içinde basybalyjy oturan, ýa basybalyjy bolup basylan we gorkuda ýaşaýan adamlar, olaryň nesilleri köplenç, nähili kyn ýagdaýa düşseler-de, göreşmegiň pikirini edip bilmeýärler we, köplenç ömürleri ýetmese-de, garaşmak çykalgasyny saýlap alýarlar. Olary bu alaçsyz, nalajedeýin durmuşdan diňe bir ýagdaý, mejbury hormatlanýanyň wezipesinden aýrylmagy ýa-da ölmegi, az wagt hem bolsa, wagtlaýyn halas edip bilýär. Şondan soň ozal birlerini ene-atasyndan beter hormatlan adamlar, aýdaly, leninleri, stalinleri... ap-aňsat, gaty gyssanmaç kellelerinden we ýüreklerinden çykaryp zyňýarlar we olary wagtynda “hormatlylar” kemsitmesine nähilidir bir içki, daşky garşylygy bolan adamlara garanda hem az ýatlaýarlar. Ýöne boýun almaly, arzanlan hormat, iň soňky nokadyna çenli galplaşdyrylan hormat tutuş jemgyýete gaty gymmat düşýär, bu hormat zerarly köp adam ömür näme, ýasaýyş näme, bilip bilmän geçýär.”