Gara gorky

Adam aýtdy:

"Amerikan taryhçysy Elton Stýuart Donelli (Alton Stewart Donnelly, 1920-2007) uzak ýyllap başgyrlaryň taryhyny öwrenip, "Başgyrdystanyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy. 1552-1740” atly kitap ýazypdyr. Şeýle-de ol "Beýik Pýotr we Merkezi Aziýa”, "Beýik Pýotr we Sibir”, "Göçüp-gonýan sähra serhedi: Başgyrdystanyň we Gazagystanyň Russiýa tarapyndan 1850-nji ýyla çenli basylyp alynmagy" ýaly kitaplary bilen tanalýar. "Halklar üçin türme” diýlip atlandyrylan Russiýanyň türki haklary we beýlekileri nädip we yzygiderli basyp alandygyna, gadymy halklaryň taryhyny ýok etmek, özlerini özlerine garşy goýmak üçin eden tagallalaryna düşünmek üçin başga birleri ömrüni berip, şunça iş edýär, biz olary okamaga, çagalarymyza okatmaga hem wagt tapmaýarys. Sebäbi biz basybalyjynyň, nähili ogry-jümri, nähili zalym, nähili açgöz we namart bolsa-da, özümizden beýik bolandygyna ynanýarys ýa-da onuň öňündäki gorkudan, biri-birimize müňkürlikden şindem çykyp bilemizok.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024