Aktiwist, terrorist ýa däli kim?

Adam aýtdy:

“Winona LaDuke 'biriniň maňa düşündirmegi gerek, näme üçin sen arassa agyz suwuny isleseň, aktiwist bolýarsyň-da, suwy himiki ýaraglar bilen harap eden korporasiýa terrorçy bolmaýar?' diýipdir. Bu sözler maňa garrygalaly goja Amangelen Şapudagy ýatlatdy. Wah, aktiwist' diýseler, ýene şükür et, obaňda suw meselesini gozgap, turba ogurlan häkimiýetleriň gazabyndan dälihana düşseň, ahyrynda halkara guramalarynyň basyşlary bilen azatlyga çykyp, obaňa geleňde köçedäki çagalar 'däli' diýse, öýüňden çykmaga zar bolsaň nätjek? Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn, 'Il içinde däli bolup galyp men' diýjek-de oturyberjekmi? Agyz suwy ugrunda göreşýänler iki-ýeke, olaryň puly ýok, korporasiýalaryň bolsa puly, diýmek gündelik, çäksiz goldawy bar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024