Bize erk, mertebe, abraý gerek dälmi?

Adam aýtdy:

"Biziň ýurdumyz şindem Russiýa Federasiýasyndan haraý ýa hemaýat gözleýär, ýogsa olaryň bizden has dargandygyna düşünerçe wagtam boldy. Mysal üçin, ýüzlerçe ýyl basybalyjylyk edip, olar häzir gury ýeriň altydan birine, tebigy baýlyklaryň bolsa 40%-ine eýe; ilaty dünýä ilatynyň 2%-ine barabar, resmi maglumata görä, 143,5 million adamy bar. Şolaryň 22 millionynda ýyladyş, 29 millionynda suw üpjünçiligi, 35 millionynda kanalizasiýa ýok; ilatyň 47 milliony gyzgyn suw bilen üpjün edilmeýär, 65 million adamyň tebigy gazy, 78 million adamyň bolsa internet baglanyşygy ýok; 90 million adamyň şahsy awtoulagy ýok, ilatyň 110 milliondan gowragy GDA-nyň çäginden daşaryk çykyp görmändir. Eger bu ýurtda ýylda ona golaý çaganyň howlularda gurlan hajathanalaryň çukuryna gaçyp ölýändigini, 20 million adamyň resmi ýagdaýda garyplyk derejesinde ýaşaýandygyny aýtsam, ynanmarsyňyz. Elbetde, ýurtda her ýyl içgiden, neşekeşlikden, içerki zorlukdan, köçe-ýol hadysalaryndan, bejerip boljak keselçiliklerden ölýän adamlaryň sany, şol bir wagtda-da ýüzlerçe million dollar bahalanýan ýahtaly, daşary ýurtlara milliardlarça dollar çykaran baýlarynyň sany hasam hopukdyryjy. Ýurtdaky jenaýatçylyk, korrupsiýa, adam azatlyklarynyň basgylanyşy barada aýdyp hem oturmaly. Türmelerindäki, goşundaky ýagdaýlar gaty aýylganç... Bularyň üstesine, goňşularyna çozup, özbaşdak bolan ýurtlary gul edinjek bolýar, 21-nji asyrda keýpine uruş turzup, ýokarsyndan bomba ýagdyryp, topa tutup, atyp, çagalary, aýallary, garrylary öldürýär. A biz olardan gaçmagyň ýerine, ýene we ýene yzymyza, ýurdumyzy gana çaýkan imperiýanyň gujagyna dolanýarys. Ýa bize dogrudanam indi hiç bir erk, mertebe, abraý we abadanlyk gerek dälmikä? Gurjak bolmakdan ýadamadykmy?”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024