Öleniň gürrüňini edip ölenler

Adam aýtdy:

"Biri internetde ýerleşdiripdir, tötänden iki sany ölen ýazyjynyň özlerinden öň ölen bir ýazyjy barada eden gürrüňiniň üstünden bardym. Elbetde, men olary öleniň ýa diriniň gürrüňini edendikleri üçin ýepbeklejek bolmaýaryn. Öň olar ol ýazyjyny öňe tutup, sowet döwründäki “eşretlerini” we senzurany saklap galmagy başarypdylar. Ýöne bu oýun ýazyjylaryň aglaba köplügi we olardan kömege garaşýan halk köpçüligi üçin gaty erbet gutardy. Öňem biriniň aýdyşy ýaly, bolşuny aýtmak gybat bolsa, üstüne goşmak töhmet bolar. Pahyrlar, hem hökümete ýaranjak bolup, hem dörediji adam bolan bolup, kän horlandylar. Gürrüňi edilýän şahyr, uruşdan öňki we soňky horluklary hem görensoň, ynsap hakynda kän ýazardy we ömrüniň soňky ýyllarynda prezidentden patyşa, milli diktator ýasajak bolup, arasynda nebsini şagladyp, halys gözden düşdi. Onuň gürrüňini edýänler adamyň özünde ýok zat hakynda kän ýazýandygyny aýdýarlar. Ýöne olaryň özleri hem özlerinde ýok zat hakynda az ýazmandylar. Birinjisi, belki-de, öz kemçiliginiň üstüni ýapmak üçin, döwlet baştutanyna edebi neşirlerdäki tankydy ýatyrandygy üçin sagbol aýdypdy, dürli garaýyşly edebi synlaryň çap edilýän wagtynda gazet dükanlarynyň ýanyndan geçmäge gorkandygyny boýun alypdy. Pahyr, diktator özüniň däl-de, haýsydyr bir çalasowat şahyryň aladasyny edendir öýdüpdir. Beýlekisi bolsa, ýetim ösen we atasy näbelli prezidenti anyk kakaly, atasy belli adam etjek bolup, başga birleri bilen birleşip, birlerini satyp, kän zähmet çekipdi. Ýöne olar diňe ynsap şahyr hakynda hem gürrüň edip oňmaýarlar, başga-da birnäçe adamyň gürrüňini edýärler. Ýöne olar milli diktator masgaraçylygyndan öň ölenleri “beýik” atlandyrýarlar, ýerleriniň oýulyp galandygyny, küýselýän, ýetmeýän adamlar bolandyklaryny aýdýarlar. Ýöne öňki ölen ýazyjy barada-da, soňky ölenler barada-da bilinýän zatdan bilinmeýän zat gaty kän. Bu hili jikme-jik terjimehallar bizde, belki, indi döremelidir. Mysal üçin, ynsap şahyryň gürrüňini edýän iki ýazyjynyň biri başga bir ýazyjynyň, diktatura garşy durup, gümürtik ýagdaýda ikinji gatdan ýykylan neressäniň ýanynda, duran balkonynda duran ýeke-täk adam bolupdy. Emma bu barada, näme üçindir, hiç kim gürrüň etmeýär. Ýöne onuň şondan soň öz ikilikçi ogluny döwletiň milli howpsuzlyk gullugyna işe ýerleşdirip, ol neşe gaçakçylygy bilen tutulanda hem türmeden alyp galandygyny bilýänler az däl. Bu zatlary agzasaň, “öleniň yzyndan erbet ýa soragly gürrüň etmäliň-le” diýip, hökman bir ynsaply adam tapylýar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024