Gowy bozuklyk
Adam aýtdy:
"Feýsbuk tanyşlarymyň biri "Korrupsiýa mydama erbet zatmy?” diýip sorapdyr. Soňundanam "Ukrain goşunynyň RF goşunyndaky korrupsiýadan gowy ýaranyny göz öňüne getirmek-de kyn” diýip, öz soragyna özi jogap beripdir. Bu ak ýürekden korrupsiýa garşy göreşip, boýdan-başyna korrupsiýa çümen ýurtda ýesirlikde galan dogan-garyndaşlaryny halas etjek bolýan adamlar babatynda-da şeýle. Olaryň hökümetde çuň ornaşan korrupsiýadan, hökümet ärleriniň gözlerini gapýan açgözlükden gowy ýaranyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi gara nebis bir tarapdan hökümetdäki adamlary bir-birine hemme zatdan beter birleşdirýän bolsa, ikinji tarapdan olary beýlekilere, eger görmek isleseler, iň gowy görkezýän aýna bolup durýar. Iň bellemeli tarapy, hökümetdäki açgöz emeldarlar, eger bozuklyga garşy dursaň, bütin dünýäň gözünden düşüp, özlerini, ogul-gyzlaryny masgara etseler-de, senden hiç bir kömek ýa öwüt-nesihat almaýar.”