Öleniň yzynda ölen
Adam aýtdy:
"Başga halklarda “nekrologyňy zaýalamazlyk” diýen bir düşünje bar. Bizde nekrolog sözi ýurtda gazet çykarylyp başlandan soň ulanylyp başlan bolmaly. Ondan öň halk içinde, hatda bir kezzap, bimessep ogry ýogalsa-da, “gowy adamdy” diýip jaýlamak, öleniň yzyndan ol hakda erbet gürrüň etmezlik däbi bar. Emma gazet çykyp başlanyndan soň bir döwür ile-güne ýa hökümete ol ýa beýleki görnüşde hyzmat eden ýa hyzmat etdi diýlip hasaplanan adamlar dünýäsini başgalanda, olar barada ýagşy-ýaman bir zatlar ýazyldy. Emma soňky ýyllarda iki-ýeke, köşge gaty ýakyn adam bolmasa, nekrolog sylagyna mynasyp bolýan adam tasdan ýok. Munuň anyk sebäbini bilmek kyn. Belki, häkimiýetler öleniň yzyndan aýdyljak gowy sözi hem gysganýandyr... Belki-de, öňki pahyr özüniň nekrologyny zaýalanyny, öleninden soň özi hakynda gowy zat ýazmagyň kyn boljagyny bilendir...”