Ölmeziň ogly
Adam aýtdy:
"Donetskili matematik Konstantin Olmezow şu gün Moskwada öz janyna kast edipdir. Ony uruş başlandan soň 15 günlük tussag edip, Ukraina, öz ýurduny goramaga goýbermändirler. Türmeden çykanyndan soň, Awstriýanyň uniwersitetleriniň birinden okuw üçin çakylyk gelipdir, Orsýetden çykmak üçin Türkiýä uçar biledini alypdyr, emma... Aklawçysynyň aýtmagyna görä, ol öz janyna kast etmezinden öň ýazan ýazgysynda bolup geçýän zatlary halys çekip-çydap bilmeýändigini aýdypdyr. "...Meni Kiýewiň köçelerine düşýän her bir ok ýaralaýar. Habarlary okap, köçeleriň, etraplaryň görnüşlerini göz öňüme getirýärin. [Urşuň başlan] birinji gününden şu güne çenli jan-tenden siz bilen bile boldum, ýogsa munuň bilen hiç kimi halas etmedigim düşünükli. Men doly ateist. Dowzaha ynanamok, hiç ýere gidýärin. Ýöne şol hiç ýer meniň üçin hakykatdan, halkyň bir böleginiň wagşylyşan, beýleki böleginiň bolsa, ýa bilelikde el çarpyp, ýa front liniýasyndan uzagraga “göçüp”, bu bolýan zatlara ýol berýän ýerinden has gowy. Men olar bilenem, bular bilenem bile bolmak islämok...” diýip, Ölmez aganyň ogly ýazypdyr.”