Ýagdaýy agraldýan köpçülik

Adam aýtdy:

“1980-nji ýyllaryň ortalarynda, edebi gazetde döredilen “ýaş tankytçy” sözbaşysynyň astynda, täze çap edilen kitaplara syn ýazýardym. O mahal partiýa edebi tankyda belli bir derejede rugsat berýärdi. Ýöne soň ýazyjylar döwlet baştutanyndan haýyş edip, tankydy pikiriň garşysynda hytaý diwaryny galdyrmagy we ahyrynda Ýazyjylar birleşigini belli bir derejede başgaça pikir edip bolýan merkez hökmünde ýok etmegi başardylar. Sebäbi olar tankydyň degilmeýän ýazyjylara hem degip bilýändigini, at-derejäniň, hökümet wezipesiniň, çykarylan kitaplaryň sanynyň, başga dillere terjime edilmegiň, döwlet öňündäki hyzmatlaryň, neşirýatlardaky, metbugatdaky sylag-hormatlarynyň olary gorap bilmeýändigini görüp, gaty gorkdular. Gorkynyň ajala peýdasy ýok diýýärler, emma ata-babalar ajyň däl, alňasanyň, aljyranyň öň ölýändigini hem ýatladypdyrlar... Hawa, şol syn ýazýan wagtlarym bir ýagdaýa şaýat boldum. Her gezek tankydy synym çykandan soň, redaksiýadaky iş jaýyma gelýän ýazyjylar, şahyrlar köpelerdi. Emma olaryň arasynda seniň synda diýjek, aýtjak ýa ünsi çekjek bolan meseleleriň, edebiýatdaky tendensiýalar ýa tankydyň wezipesi hakynda çynlakaý gürrüň edip, seni emele gelen dar çäklerden çykarjak bolýany azdy. Muňa derek, gelip saňa içini dökýän ýa niýetini syzdyrýan adamlar esasan ol ýa beýleki ýazyjy bilen aradaky şahsy gatnaşyklaryny, öz adamkärçilik derejelerini görkezerdiler. Şolaryň biri aýratyn ýadymda galypdyr. Bu ýurtda “meşhur” çagalar ýazyjysynyň saýlanan eserleri hakynda, ýalňyşmasam, “Saýlanmadyk saýlanan eserler” diýen at bilen çap edilen synymdan soň boldy. Gelen o diýen tanalmaýan, ýöne neşirýatda işleýän we kitaplary az-da bolsa çykýan çagalar ýazyjylarynyň biridi. Ol ilki meni ýazan tankydy makala, onuň sözbaşysy bilen gyzgyn gutlady, gaty minnetdar bolandygyny aýtdy. Emma soňundan meniň “entegem bärden gaýdandygyny” aýdyp, ýene bir makala ýazmagymy, has anygy, “meşhur çagalar ýazyjysyny galmaz ýaly etmegimi” maslahat berdi. Men ýaşdym, ol menden on-on bäş ýaş uly adamdy. Belki, oglan görendir. Men açyk bir zat diýmedim. Ýöne göz öňüme kinolardaky pul üçin gyzyl ýumruga girýän, garşydaşyny urup ýykanyndan soň, tomaşaçylaryň şowhunly talaplary astynda, ony galmaz ýaly etmelimi ýa saklanmalymy diýip ikirjiňlenýän ýeňiji geldi. Soň, onlarça ýyl geçip, başga biriniň eli bilen urmak, başga biriniň aýagy bilen depmek, başga biriniň dili bilen ýaralamak, başga biriniň ýaragy bilen öldürmek ýa ölmez-gülmez etmek taktikasyny ulanýan adamjyklaryň sanardan gaty kändigini, olaryň şol günäkärlenýän, hakykatdan hem günäli we il içinde ýigrenilýän adamlardan, ogry-jümrülerden, açgöz emeldarlardan ýa satlyk intelligentlerden kän bir gowy däldigini gördüm. Bu hili adamlar, mydama köplük bolup, mesele çözmäge, kynçylygy aradan aýyrmaga kömek bermekden geçen, meseläni adam bilen çalşyryp, ýagdaýy has kynlaşdyrýarlar.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024