Başlygyň baş aladasy
Adam aýtdy:
"Sowetler döwründe rus imperiýasynyň merkezinden Aşgabada, yssy howaly ýurt diýip, kondisioner, sowadyjy zawodyny gurmak teklip edilipdir. Emma Muhammetnazar Gapurow muňa razy bolmandyr. Netijede, kondisoner zawodyny gurmak üçin bölünen pul Azerbaýjana berlipdir. Soň biri pensiýa çykan Gapurowdan agzyna gelen awy azerbaýjanlara aldyrmagynyň sebäbini soranda, ol bu zawodyň peýdasyndan zyýanynyň kän boljakdygyny, kondisioner zawodyny gurmak, işletmek üçin gelen hünärmenleriň asuda halkyň kellesini garjaşdyrmagynyň mümkindigini aýdypdyr. Soň bu syýasaty Saparmyrat Nyýazow hem ösdüridi; ol degşen bolup, ýurdumyzy talamaga çozan türk telekeçilerinden türkmen işçilerine türk işçileri bilen deň aýlyk tölemezligi, olary azdyrmazlygy açyk talap etdi. Hiç ol öz niýetini gizleýärdi, etjegini aýtman edýärdi diýip bilmez. Ol etjegini aýdyp, diýip, ýaşululara we halka goldadyp, özlerine garşy ses berdirip etdi. Onuň özi türk telekeçilerinden näçe para alsa, näçe azsa bolýardy, emma gara zähmeti bilen eklenýän işçiler çagasyna notebook alar ýaly pul tapmaly däldi, garny gury çörekden doýsa kaýyl bolmalydy. Asuda halk onuň bu talabyna boýun boldy. Indi bu mesele ýurt eýesi bolan ataly-ogluň öňünde keserdi. Otuz ýyllap talanan ýurtda çörek tapman daşary ýurtlara giden zähmet migrantlary yzyna gelse, olaryň asuda, haýsy çärä çagyrylsa gidip, awtoulagyňy haýsy reňkde reňkle diýseň reňkläp, pagta ýa şugundyr ýygymyna, bag ekmäge... aýlygyňdan näçe ber diýseň berip ýören halkyň başyny garjaşdyrmagy gaty mümkin.”