Gülkünç betbagtçylyk

Adam aýtdy:

"Geň we geňem däl. Asyrlap kösenen, Garaguma gaçyp aman galan azajyk milletň işçileri gije-gündiz işläp, nebit-gaz çykaryp, ölmez-ödi aýlyk alyp, ýüz millionlap ilaty bolan ýurtlaryň adamlarynyň öýlerini ýyladýar. Mesele ol gazy satýanda we puluny alýanda ýaly. Ýöne bu edil beýle hem däl. O pullar nirä gidýär diýseň, başyň ölümli, malyň talaňly. Eger seni öldürseler ýa öý-jaýyňy taşlap, iňçki eşikleriňi alyp ýurtdan gaçsaň, şol ölmez-ödi aýlyk alýan ýa aýlyk hem almaýan milletiň adamlary yzyňda heşelle kakýar. Käbiri gelip, seniň garry ene-ataňy utandyrjak, her hili gep tapyp, olaryň ýüregini agyrtjak bolup jan çekýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024