Görnetin özgerişlik
Adam aýtdy:
"Döwlet howlusyny ruhy hassalaryň, kellekeserleriň basyp alandygy öňräkden bäri bellidi. Mysal üçin, olar, aýdaly, 84 ýyl öň öz döwri üçin juda batyr görnen teatryň agzalaryny durşuna atyp, ýok edip, bu barada elli ýyllap gürrüň etdirmän bilýärdi. Bu, başga bir tarapdan, olaryň ozal eden jenaýatlaryndan azda-kände çekinendigini, ony ýaşyrmaga çalşandygyny görkezýär. Indi olar orta çykyp, aç-açan kelle kesmek, bütin maşgalany paltalap biljek adamlar barada edermenlik bilen gürrüň edýärler. A siz bolsa, özgerişlik ýok diýýärsňiz."