Sütemiň ömrüni uzaldýan sütem
Adam aýtdy:
"Diýdimzor häkimiýet bilen düşünişmegiň, dil tapyşmagyň ýa wagtlaýyn ylalaşmagyň ýeke ýoly bar: sen onuň diýenini etmeli, diňe para däl, ömrüňi, ar-namysyňy, mertebäňi, hem bermeli, ýogsa däli-tentek-de, haýyn-da, jenaýatçy-da, garakçy-da, terrorçy-da bolup bilersiň. Seniň şeýledigiňi aýdyp, bir ýa iki däl, müňlerçe, on müňlerçe, millionlarça adam ýüzüňe durar, ýalan görkezme berer ýa bolmanda munuň bilen dymyp ylalaşar. Bu diýdimzor häkimiýetleriň iň uly üstünligi, belki-de, esasy daýanç-diregi bolsa gerek. Ýöne bu ýerde ýene bir mesele bar: ol häkimiýet özi ýaly garşydaş, opponent hem dograr; ony dilde ýigrenýän, başarsa ýykyp, ýerine täze häkimiýet gurjak bolýan adamlar hem, siňe seretseň, özleri bilen düşünişmegiň, dil tapyşmagyň ýa ylalaşmagyň şol bir ýoluny teklip eder. Sen olara ylalaşmazlykda ylalaşaly diýseň, diýdimzor häkimiýetden beter ýigrenji duşman bolarsyň. Onsoň olaram seni däli-tenteklikde, haýynlykda... aýyplar. Häkimiýet başyna geçen diýdimzorlaryň syýasy ýa ykdysady ömri, şeýle görmäge juda gysga, uzaga çekmejek ýaly görünse-de, megerem, şu ýagdaý sebäpli uzaýar."