Awçy

Sezen Aksudan erkin terjime

Sen meni üzmersiň artyk,
çünki öňden üzgün örän,
nirä baksam hasrat, ajy,
nirä baksam gaýgy, ajy,
men bir aw men, sen bir awçy,
ur bakalym, göreli-le...

Ýok, sen maňa düşünmersiň,
susdurmarsyň dilimi-de,
nirä baksam hasrat, ajy,
nirä baksam gaýgy, ajy,
men bir pida, sen bir awçy,
kim ötegçi, kim myhmançy,
dur bakalym, göreli-le...

Ýok, sen meni öldürmersiň,
sesim, sazym, sözüm bardyr,
diýýän bolsam, däldirin täk,
herkesdirin, gözüm bardyr,
ýazandyryn 47 ýyl,
ýazjakdyryn, ýüzüm bardyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022