Öň geň galýardym

Adam aýtdy:

"Rus metbugaty orta bilim hem almadyk adamyň, "Tähranyň jellady" diýilýäniň MDU-nyň hormatly professory bolandygyny habar berýär. TASS habar gullugynyň eýran mediasyna salgylanyp ýazmagyna görä, Moskwa döwlet uniwersitetiniň rektory Eýranyň prezidenti Ibrahim Raisä ÝOJ-uň hormatly professorynyň diplomyny gowşurypdyr. Şeýle-de Döwlet dumasynda çykyş edendigi, rus prezidenti we daşary işler ministri bilen duşuşandygy habar berilýär. Mundan ozal MDU-nyň hormatly professorlygy Yslam Kerimow, Aleksandr Lukaşenko, Nursoltan Nazarbaýew, Emomali Rahmon, Wiktor Ýanukowiç, Hasan Ruhani ýaly adamlara berlipdi. Pars dilindäki habar serişdeleriniň käbiriniň tassyklamagyna görä, Raisi bütin ýaşlygyny dini medreselerde geçiripdir we onuň orta bilim alandygy hakynda hem ynamdar subutnama ýok. Ýöne muňa garamazdan, ol Tährandaky prokuroryň orunbasary derejesine çykmagy başarypdyr we 1988-nji ýylda, Eýran-Yrak urşunyň aýagynda şerigat tribunalynyň agzasy bolup, "Eýran rewolýusiýasyna dönüklik eden" diýip hasaplan adamlarynyň ýüzlerçesine ölüm jezasyny beripdir. Onuň hökümleri esasynda jezalandyrylanlaryň köpüsi aýatollanyň režimine garşy çykýan eýranly dissidentlerdi. Şu sebäpli hem Raisi "Tähranyň jellady" diýen lakama mynasyp bolupdyr... Öň bu uniwersiteti nähili boş adamlaram tamamlap bilýär diýip geň galardym. Indi geň galara zadyň ýokdugyna düşünýärin."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024