Her döwür – bir döwür
Adam aýtdy:
"Ata-babalarymyz gurak sebitlerde adam ýaly ýaşamak üçin ozaly, gadym döwürlerden bäri düýpli, oýlanyşykly suw desgalaryny gurupdyrlar, guýy, käriz, gazy gazyp, bent galdyryp, halkdan salgyt ýygnap, adamlaryň dirilik çeşmesini gorap saklapdyrlar. Duşman gelende, şäherleri alyp bilmese, ozaly şol suw desgalaryny bozýan eken, bentleri ýykyp, guýulary zäherläp, öz topragyny goraýan adamlaryň köpçülikleýin gyrmagyň aladasyny edýän eken. Indi duşman gerek däl, döwlet başyna gelen adamlar suw desgalaryny ýykýar ýa-da olara harçlanmaly pullary ogurlaýar. Her döwür – bir döwür diýilýäni şundan bolsa gerek."