Döwlet baştutany bihaýa bolsa
Adam aýtdy:
"Käbir ýurtlarda käbir erkekler özüne durmuşa çykmakdan ýüz öwren gyzyň ýüzüne kislota sepip, bir naçaryň bagtyny garaldyp bilse, 'arymy aldym' diýip, gomalyp erkekligini görkezýär diýseler, 'heý, beýle-de bir wagşylyk, nadanlyk bolarmy?' diýip, gaty geň galardyk. Haýp, beterinden beteri bar eken. Indi görüp otursaň, bir ýurduň baştutany bolup, goňşy ýurda 'meniň ýorganyma girmeseň, seniň üstüňe goşun sürjek' diýibem erkekligiňi görkezip boljak eken. Öňem biri 'tükenmez malym bolanyndan utanmaz ýüzüm bolsun' diýipdir. Uly wezipesiz, ýönekeý adamlaryň utançsyzy ýene ýagşy, olar biraz çekinýär, emma döwlet baştutany utançsyz, aňrybaş bihaýa bolsa näme etmeli?"