Döwrüň soragy
Adam aýtdy:
"1970-nji ýyllaryň aýagynda obadan Aşgabada gelip, bäş ýyllap uniwersitetde okadym. Şol ýyllar ýadymda galan iň täsin zat, günortanlar ýa dynç günleri bolsa gerek, ejeleri bilen awtobusa ýa trolleýbusa münýän çagalar boldy. O wagtlar türkmen öýleriniň köpüsinde ýumşak oturgyç, diwan diýen ýaly zatlar hem bolmazdy. Belki şondandyr, çagalar barjak duralgalaryna barýançalar boşlaň ulagdaky oturgyçlaryň köpüsinde oturyp, otyrýerleri bilen olaryň ýumşaklyklaryny barlap görerdiler. Her oturgyçda oturyp görenlerinde, hamala açyş edýän ýaly, olaryň ýüzleri ýagtylýan ýalydy. Ýüz-gözlerinden çen tutsaň, barjak ýerlerine baryp, ulagdan düşenlerinde, olaryň käsi ýoluň beýle gysga bolandygyna gynanardy, beýlekileri alan lezzetinden hoş bolup, yzda galanlara eljagazlaryny galgadardy. Bu sahna, megerem, Aşgabatda okan ýyllarym iň gowy gören sahnam boldy. Indi, täzeden tomaşa edip biljegimi bilsem, men onuň üçin bilet almaga hem taýyn. Ýöne soňky ýyllar başga bir sahnany, şol garyplykdan çykan çagalaryň emel ýetip, ýa emel ýeteniň ýakyny bolup, ýurduna talap, daşary ýurtlardan jaý üstüne jaý, köşk, emläk edinişini synlamaly boldum. Olaryň käbiri soň, elbetde, öz talan adamlarynyň arasyndan göçýär ýa gaçyp gidýär. Göz öňüne getirjek bolýaryn, şol meniň 70-nji ýyllarda synlan çagalarym ýaly, olar soň daşary ýurtlarda her jaýynda ýa köşgünde bir oturyp, ýatyp-turup, irden ýa agşam begenip bilýärmikä ýa talan adamlarynyň agyr günleri, aç çagalary, nähilem bolsa, azda-kände ýatlaryna düşýärmikä?"