Özüňdäki duşman
Adam aýtdy:
"Ýolbaşçylaryň dereksiz bolsa, nireden näme bela geljegini bilmersiň. Orsýetiň Günbatar bilen geçiren netijesiz gepleşiklerinden soň, Moskwa biržasyndaky gazna görkezijileri güwläp, aşaklygyna gaýtdy. Orsýetiň iň iri on kompaniýasy iki günde $40,1 mlrd arzanlady. Has anygy, Sberbank - minus $10 mlrd, Nornikel - minus $4,2 mlrd, Rosneft - minus $5,5 mlrd, Gazprom - minus $7,8 mlrd, Lukoýl - minus $4,2 mlrd, Nowatek – minus $3,6 mlrd, Polýus, NLMK, Sewerstal we Tatneft – hersi minus $800 mln. Bu hili ýolbaşçylaryň barka, başga duşman gerek däl."