Ussatlyk
Adam aýtdy:
"Pablo Pikasso ylham bar, ýöne ol seni iş başynda görmeli diýipdir. Sowet döwründe we soň iş başyna baranyndan her zat edenini gowy görýän, topar tutup, bir-biriniň aýagyndan golly-golsuz arza ýazýan, gününi gep-gybat, içgi, meýlis bilen geçirjek bolýan dörediji adamlar, gynansak-da, az bolmady. Olaryň iň ýek görýäni basa oturyp, öz işini etjek bolýan kärdeşleridi. Başarsa, bu hili adamlaryň öýlerine ilkiler arak, soň tirýek getirip, at tezegini guratman gatnap, olary hem özleri ýaly etjek bolýanlar köpelipdi. O bolmasa, çekilip, wezipesi bolsa, aýagyndan arza ýazardylar, wezipesi bolmasa, gara sanawa salynman, onda-munda ady çykýan bolsa, gybatyny ederdiler, 'hökümet-partiýa eý diýdi, beý diýdi' diýip, ýalan gep ýaýradardylar. Megerem şundan, hökümet-partiýanyň ýek-ýigrendigi, ýaranjaňlyk etsin ýa etmesin, ozaly ýazyjylardy. Sowet döwründe döredilen Ýazyjylar birleşiginiň ýapylmagyna hem, elbetde, wezipeli ýazyjylaryň kezzaplyklary bilen bir hatarda, şu zatlar sebäp boldymyka diýýärin. Netijede, ýokardaky şer bilen aşakdaky şer birleşdi, bahyllaryň işi ýol aldy, köp adam gadaganlyga düşdi. Indi ümsümlik, işleýän bolsa bardyr, ýöne çap edilýän zat kän däl, okaýan bolsa has az."