Kremliň ýagdaýy

Adam aýtdy:

"Kärdeşlerimiň biri, 'görnüşinden, kremlçi adamdy' diýip, biriniň 13-nji ýanwarda Facebookda cap eden teswiriniň göçürmesini paýlaşypdyr. Onda şeýle sorag berilýär: 'ABŞ we NATO Orsýeti ýeňjegine näme üçin ynamly?' Soň ol öz soragyna jogap berýär: 'Olar Orsýete gazaply Ýok diýdiler, sebäbi Orsýeti gowşak hasaplaýarlar.' Şundan soň ol, 'olaryň logikasy nähili?' diýip, 11 sany delil getirýär. Bu delilleri, gyzykly bolansoň, ildeşlerim bilen paýlaşasym geldi:

'1. Orsýet tasdan halkara izolýasiýasynda. Iş ýüzünde ýaranlary ýok. Resmi taýdan ýaran bolup durýanlar oňa hemişe garşy çykýarlar we Orsýet olardan aýgytly pursatlarda kömege garaşyp bilmeýär.

2. Orsýet tehnologiki taýdan ösen däl, garaşly. Harby senagat toplumyndan başga. Şu sebäpden Orsýet, Günbatar bilen hyzmatdaşlyk etmezden, ösüp bilmeýär. Günbatar bilen konflikt Orsýet üçin özüňi öldürmek bilen barabar.

3. Orsýet ykdysady taýdanam gowşak. Onuň dünýädäki roly kiçi we yzygiderli kiçelýär.

4. Rus elitasy günbatardan ugur alýar. Putiniň töweregindäki kiçijik klubdan, öňki KGB ofiserlerinden başgasy. Galanlary Orsýetiň Günbataryň öňünde tabyn bolmagyna şat bolar.

5. Orsýetň ilaty garyp ýaşaýar. Orsýet ýaşaýyş ülňüleri nukdaý nazaryndan özüne çekiji däl.

6. Orsýet öz taryhy territoriýasynda, gadymy paýtagtynda Orsýete garşy güýçleri döretmäge ýol berdi.
Özem gatnaşmakdan gorkýar.

7. Orsýetiň öz ideologiýasy ýok. Ol ruhy we medeni taýdan Günbatara garaşly.

8. Orsýetdäki öňe gidişlikleriň ählisi Günbatar tarapynda. Bilimleri näçe ýokary bolsa, girdejileri näçe ýokary bolsa, näçe ýaş bolsalar, [adamlar] şonça-da Günbatara tarapdar we Putine garşy.

9. Orsýetde ylym, bilim, saglyk ugurlarynda ösüş gazanmak mümkinçiligi pes. Özem bu peseliş hatda dowam etdirilýär. Şu sebäpden ol pese gaçmaly bolar.

10. Orsýet Günbatar bilen gapma-garşylykda eýýäm bir gezek ýeňildi. Ýogsam şol wagt ol häzirkisinden güýçlüräkdi. Indi Orsýet has gowşak, Günbatar bolsa has güýçlendi. Şu sebäpden Orsýet Günbatar bilen gapma-garşylykda indi has beter ýeňler. Şonuň üçin olar konflikti çuňlaşdyrmaga gitmeden gorkmaýarlar.

11. Hawa, Orsýetde ýadro ýaragy bar. Emma munuň ähmiýeti ýok, sebäbi hiç kim söweşmez. Bogarlar, gözegçilik astyna alarlar, üýtgederler. Ýadro ýaraglary SSSR-e [hem] kömek etmedi. Ýadro ýaraglary häzirki ýagdaýda Orsýete hem kömek edip bilmez. Bu olaryň logikasy. Ol olara demir ýaly berk görünýär.'

Bu kremlçi bolup görünýän adamyň özi üçin juda ajy bolan hakykaty ahyrynda boýun almagymy ýa-da ol bize haýbat atýar, düşünip bilmedim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024