Kagyzyň namartlygy
Adam aýtdy:
"Ölenleriň däl, ak kagyzyň, internetiň gürrüňini edýärin. Indi seredip otursam, kagyz ýaly namart zat ýok eken. Dogry, wagt geçse, biraz saralýar, ýöne ýazylan zat ýüzünde galýar. Internet bolsa, kagyzdanam beter, Google etseň, ýazylan zat bolsa, köpüsini tapyp berýär. Garrap, ukym gaçansoň, gijelerine oturyp, köp okaýaryn we tanan, iş salşan adamlarym we olaryň işi, ýazan zatlary hakynda köp pikir edýärin. Belki, adamyň özi başga zat, onuň ýazýan, yzynda galdyrýan eserleri, işi, mirasy hem başga zatdyr. Bu her adamyň öz işi bolup biler, emma kagyzyň ýa internetiň işi däl. Olar ýazylan zady saklaýar. Başga ogurlyklaryň, messepsizlikleriň gürrüňini hem etmäli, urşuň yzynda galan aýal doganyň bukja balagyny ogurlap satyp, arak içip, soňundan ynsap hakynda goşgy ýazsaňam, il gözüne şer bilen dikleşip, ýurduňdan aýrylyp, naçar aýalyň daşary ýurtda börek büküp gazanan puluny ýygşyran ýerinden ogurlap, içip, soňundan mertlik hakynda goşgy ýazsaňam, ozaly kagyz, soň internet göterýär. Belki, aýdylýan we edilýän zatlaryň arasyndaky tapawudy görmek ýazýan adamlar üçin däl, okaýan we oýlanýan adamlar üçin gerekdir. Okamaýan, oýlanmaýan süri üçin, näme etseňem, näme ýazsaňam, ýazmasaňam, hiç manysy ýok."