Soňky din
Adam aýtdy
"Biziň halkymyz yslamdan öň gök taňra uýupdyr, oda çokunypdyr, suwa çokunypdyr, ýaňy-ýaňylaram ölülerini ýere gömmän, it-guşlara şam edipdir diýýärler. Halklaryň ýa milletleriň taryhy, edim-gylymlary, ozal kim bolandygy, kimlerden gelip çykandygy barada belli bir zat aýtmak kyn. Sebäbi ynsan, säher güýji ökde bolsa, taryhy özünden başlajak bolýar, öňki taryhy başarsa ýok edýär ýa-da ýoýýar. Ýöne men biziňkileriň sowet döwründe kabul eden dinini açyk aýdyp biljek, ol ikiýüzlülik, özüňi we özgleri sylamazlyk we parahorlyk. Käte olar bu dine has uzak uýjak ýaly hem görünýär. Belki, ýalňyşýan bolaýyn."