Özüňe ýetmeýän ömür

Adam aýtdy:

"Jelaletdin Rumy 'düýn men akyllydym, dünýäni özgertjek bolýardym, bu gün men paýhasly, özümi özgertjek bolýaryn' diýipdir. Mahatma Gandi bolsa, 'dünýäde görmek isleýän özgerişligiňi ilki özüňde amala aşyr' diýipdir. Bulardan kän öň eşidipdim, özüni bilen welimiş. Ýöne adam, dogrusyny aýtsam, ne özüni özgerdip bilýär, ne-de özüni bilýär. Has anygy, durmuş ýa-da töweregindäki adamlar ony özüne goýmaýarlar. Adam kim bolsa bolsun, dünýä we adamlara diňe öz gözünden ýa dar bähbitjiklerinden we pikirlerinden seredýän adamlaryň alyp barýan soňsuz we namart uruşlarynyň arasynda, özüni tapyp we tanap bilmän, köplenç aňsatja aw ýa-da pida bolýar. Käbirleri muňa belli bir ýaşa baranda düşünýär, ýöne köp adam düşünmän ölýär. Sebäbi olar bu barada pikir hem etmeýärler. Diňe bu barada däl, köp adam asla pikir etmän ýaşaýar. Dogry, olaryň kellesinde müň pikir bar, emma ol pikirleriň, geldi-geçer şemal ýaly, hiç bir zada täsiri bolmaýar. Sebäbi adam ol pikirleri-de, öz ömrüni-de seljerjek, saýpallajak, çäji harpykdan saýlajak bolup, kän wagt ýitirmeýär, wagtyny esasan iň biderek, gerekmejek zatlara, şol sanda iň arzan, ertir özleri hakynda iň erbet zatlary aýtjak adamlara sarp edýär. Sebäbi ol öz hakynda gowy pikir dörederin ýa galdyraryn öýdüp, inçejik hem bolsa umyt edýär we, näçe yhlas etdigiçe çuň we kän ýalňyşýar. Eger ol, goý, näme pikir etseler etsinler, ýeňsämden näme diýseler diýsinler, bu meniň işim däl, olaryň işi diýip, yzyna seretmän gidip bilsedi, belki, biraz gowy bolardy. Özüňi özüňe goýjak ýa aljak bolsaň, ozaly adamlary we olaryň pikirlerini, şol sanda dünýälerini hem, eger üstüňe gelip, özleri ýaly etjek bolup zor salmasalar, özlerine goý. Belki, şonda biraz özüňe wagtyň galar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024