Köne intelligentsiýanyň täze görnüşi

Adam aýtdy:

"Arada köne intelligentsiýa hakynda gürrüň etdiler, bir adamyň adyny hem tutdular. Ýöne gürrüň edýän adamlaryň biri ady agzalan intelligent hakynda hiç wagt dogrusyny aýdyp biljek däldi, sebäbi ol onuň 'özüniňkidi', beýlekisi bolsa ony düýpden tanamaýardy. Emma men ol adam bilen bile işläpdim, onuň ýazyjylaryň soňky gurultaýyny alyp baryp, oňaýsyz hakykaty aýtjak adamlara söz bermän, gurultaýdan soň gurnalan banketde geljekki 'beýik' bilen bulgur çakyşdyryp, söz we pikir azatlygynyň gabryny gazmaga gatnaşan, emma soň gara sanawa düşüp, özüçe göreşiji bolandygyny gaty gowy bilýärdim. Ady tutulman ýatlanan alymlar hem şondan gowy bolmandy. Haýp, adamlar gelen ýerlerine kimleriň we nämeleriň sebäp bolandygyny bilmän ýa bilmek islemän, golaý gelmäge derek, özlerini aldap, Platonyň gowagynyň çykalgasyndan has daşlaşýarlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024