Zorlugyň paýtagty
Adam aýtdy:
"Garaşsyz rus metbugatyndan okadym: Moskwada bir student gyz IIM-niň işgäriniň özüni polisiýa bölüminde zorlandygyny aýdýar, emma Derňew komiteti jenaýat işini açmakdan boýun towlaýar. Nämemiş, ol gyz polisiýa işgäri bilen meýletin jynsy gatnaşyk edipdir. Sülçüler ol gyzyň bedeninde zorluk yzlarynyň ýokdugyny, diýmek, onuň ýeterlik garşylyk görkezmändigini aýdýarlar. 'Göz öňüne getiriň, meniň öňümde içgili, ýaragly we özümden kän ýaş uly, güýçli adam dur, onuň bilen güýç synanyşmakda many ýok, sözler peýdasyz' diýip, zorlanan gyz ýagdaýy düşündirjek bolýar. Elbetde, bu hili işleriň anyk statistikasy ýöredilmeýär, ýöne ekspertler olaryň möçberiniň bilinýäninden ençeme esse köpdügini çaklaýar. Moskwada ýaşap, azyndan üç-dört gezek saklanan, polisiýa awtoulagynda ýa polisiýa bölümine barman, polisiýa bölümindäki demir gözenegiň içinde oturyp, ýanymdaky bar pulumy berip gutulan adam hökmünde arkaýyn aýdyp biljek: bu eden-etdilikleriň arkasynda döwlet durýar. Beýleki post-sowet ýurtlarynyň polisiýa, hukuk goraýjy, häkimiýet we hökümet işgärleri bolsa, ozalky we häzirki zorluk paýtagtyndan görelde alýar."