Gaýtalanýan taryh
Adam aýtdy:
"Uniwersitetde SSKP MK-nyň taryhyndan kän sapak berdiler, her sessiýa, her gurultaý, her sözlenen söz, her karar, haçan we kim näme diýdi, dogrusy, bizar etdiler, emma ol, eger ýalňyşmasam, ateizmden soň esasy sapakdy, bilmelidi, bahaň gowy bolmalydy, ýogsa stipendiýa alyp bilmeýärdiň. Emma synagdan geçýänçäm ýat tutan zatlarym baha alyp çykan badyma kellämden uçup gidýärdi. Emma soňky döwürde rus dostlarym sosial mediada SSKP-niň gysgaça taryhy kursuny paýlaşýarlar. Bu kurs öňem birki gezek öňümden çykypdy, ýöne şu gün ony, biraz wagtyny alsa-da, türkmençä geçirmek kararyna geldim. Bu kurs gaty gysga, ýöne kommunistler, bolşewikler diýilýänleriň kimdigini, näme bolandygyny, olardan görelde ýa sapak alsaň, nähili boljakdygyny gaty gowy düşündirýär. Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn diýleni, okaň, özüňiz hem görersiňiz: "Lenin ölüp-ölmän (1924), partiýadaky ikinji adam, ýoldaş Trotskiý haýyn bolup çykdy. Netijede, Kamenýew, Zinowýew, Buharin we Stalin Trotskini wezipesinden çetleşdirip, SSSR-den kowdular (1927), soň partiýa ony Meksikada paltalap öldürdi. Emma iki-üç ýyl soň Kamenýew, Zinowýew, Buharin dagy hem duşman we zyýankeş bolup çykdy we ajaýyň ýoldaş Genrih Ýagoda olary tussag etdi (1936). Biraz soň Ýagoda hem, duşman agenti hökmünde, ýoldaş Ýežow tarapyndan tussag edildi (1937). Ýöne ýene kelte gaýdylan eken, birki ýyldan Ýežowyň hem ýoldaş däl-de, nobatdaky haýyn we duşman agenti bolandygy anyklandy. Onsoň, dagy näme etjek, Beriýa Ýežowy tutdurmaly boldy (1938). Emma Stalin ölenden soň, Beriýanyň hem haýyndygy tasdan hemme kişä düşnükli boldy. Onsoň Žukow Beriýany tutdurmaly boldy (1953). Ýöne basym Žukow hem tanaldy, Hruşew ony duşman we dildüwüşiji hökmünde Urala sürgün etmeli boldy. Biraz soň bolsa ýoldaş Staliniň hem üsti açyldy, olam duşman, zyýankeş we haýyn bolan eken (1956). Wah, diňe özi hem däl, Syýasy býuronyň agzalarynyň hem köpüsi betniýet adamlar bolup çykdy. Onsoň Staliniň jesedini kümmetden çykarmaly boldy, Syýasy býuro we olara goşulan Şepilow bolsa, Hruşewiň ýolbaşçylygyndaky dogruçyl kommunistler tarapyndan dargadyldy (1957). Emma ýene bolmady, Hruşew hem wolýuntarist, geldi-geçer, awantýurist we duşman bolup çykdy. Netijede, dagy näme etsin, Brežnew ony hormatly dynç alşa ugratmaly boldy (1964). Brežnewiň kimdigi hem, Staliniňki ýaly, ölenden soň belli boldy, görlüp oturylsa, ol 1964-82-nji ýyllarda bolan durgunlyga sebäp bolan zyýankeş eken. Brežnewden soň ýene iki sany beýik we öňden görüji lider boldy, ýöne adamlar olaryň atlaryny hem ýat tutup ýetişmediler (1982-85). Soň birden partiýanyň başyna ýaş we güýç-gurbatdan doly Gorbaçýew geldi. Görlüp oturylsa, bütin partiýa zyýankeşleriň we duşmanlaryň partiýasy eken. Ol bu ýagdaýy derrew düzetjek boldam welin, SSSR jalkyldap ýykyldy (1991). Gorbaçýew bolsa, özünden öňküler ýaly, duşman we satlyk bolup çykdy. Bolany, siz SSKP-niň gysgaça taryhy bilen tanyş bolduňyz." Ýöne bu taryhy düýpden bilmeýän ýa çala bilýän nesiller ýetişdi, ýöne olar bilsin, bilmesin, şu taryhyň ýesirleriniň ykbalyny paýlaşaýarlar. Sowet dissidenti Wladimir Bukowskiniň sözleri bilen aýdylsa, biz betbagt ýurtda ýaşadyk, bu ýerde ýönekeýje dogruçyllyk, gowy bolanda, gahrymançylyk hökmünde, erbet bolanda – ruhy hassalyk hökmünde kabul edilýär."