Adalat ministrliginiň öji
Adam aýtdy:
"Mihail Sakaşwili özüni Gldani etrabyndaky türme hassahanasyna geçirenlerinde urandyklaryny aýtdy. Syýasatçynyň tassyklamagyna görä, onuň boýnuna urup, saçyndan tutup süýräpdirler. Türme işgäri oňa ýüzlenip: 'Ine, guşjagaz, sen biziň elimizde" diýipdir. Döwürdeşleriniň biriniň ýazmagyna görä, ol 21-nji asyryň iň rowaç syýasatçysy boldy. 20-nji asyrda bu hili rowaçlyk diňe Singapuryň lideri Li Kuan Ýua nesip etdi. Sekiz ýyl aýralykdan soň, saýlawyň öňüsyrasynda we bikanun ýagdaýda ýurduna gelen lider indi 40 gün bäri açlyk çekýär. Saglyk işgärleri onuň ýagdaýyndan alada bildirýär. Dostlarymyň biri Sakaşwiliniň taryha onuň dürs tarapyndan girendigini, onuň adynyň meýdançalara, aeroportlara, belki, şäherlere hem dakyljakdygyny aýdýar. Ýöne ol Gürjüstanyň häzirki hökümetiniň taryha diňe gürjüleriň ýaşaýyş derejesini düýpli peseldip däl, eýsem beýik lideri türmä basmak bilen hem girjegini aýdýar. Birinjiden, hemişe maddylaşan dünýäniň pidasy bolan adamlar taryha kimiň nähili girjegi bilen gyzyklanmaýar. Ikinjiden, ata-babasy ýalan ýaşan, ýalançylygy miras alan adamlar dogry sözi aýdan adamy, ellerine düşse urup, ýenjip, elleri ýetmese, dil bilen ýaralap, ar alýarlar. Olar azlyk däl, köplük. Muny äsgermezlik etmek ölüm bilen-de, ölümden erbet zatlar bilen-de gutaryp bilýär. Ýalan bilen ýaşaýan, ýalany çyndan ýüz esse gowy görýän adamlara gowy, dürs ýaşaýyş berjek bolup, sadist hökümetiň iň aşakdaky sadistleriniň eline düşeniňe degýärmi? Şu sorag gowy adamlaryň köpüsini göreşden çetde, yzky hatarlarda saklaýan bolmaly. Sebäbi olar dogry sözi aýtmagyň diňe özlerine däl, ýakynlaryna, çagalaryna hem gaty gymmat düşjegini, adalat ministrliginiň özlerinden nähili öç aljagyny gowy bilýärler."