Duşman tapmak zerurlygy
Adam aýtdy:
"Orsýetli dostlarymyň biriniň ýazmagyna görä, geçen ýyl Orsýetde 2044, 2 jenaýat edilip, olardan 34, 4 müň jenaýat daşary ýurtlulara we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli. Bu hasaba alnan jenaýatlaryň ÝARYM PROSENTI (1,6%) bolýar‼ ️ Emma media habarlaryny diňleseň ýa okasaň, ähli jenaýaty gelmişekler edýän ýaly. "Kreml we wagyzçylar biziň köpmilletli Federasiýada ýaşaýandygymyzy ýatdan çykardylarmy? Olar muny näme üçin edýärler?" diýip, rus raýaty ritoriki sorag berýär. Elbetde, bu soragyň jogaby özünde, döwlet başyndakylar ogurlyga çümse, millet üçin başga duşman tapmakdan başga alaç galmaýar."