Adam we düýş
Adam aýtdy:
"Çagakam ejem gürrüň bererdi: ýer yranan gijesi hasasyny tyrkyldadyp, enem pahyr düýşüme girdi, öýümiziň daşynda aýlanyp, elewräp ýörşüne: 'turuň, çykyň öýden basymrak' diýýär. Ýalpa gözümi açypdyryn, daşardan adamlaryň 'ýer yranýar' diýen seslerini eşitdim... Şol wagt, näme üçindir, hemme kişiň enesi şeýle bolýarmyka diýip pikir edipdirin. Ýyllar geçip, ýokary okuw jaýyny tamamlajak ýylymda erbet kesel bilen keselledim. Lukmanlar onuň uzak goýbermän aljagyny aýtdylar. Uzak gije ukym tutman, aglap, daň agaryp başlanda irkilipdirin. Enem pahyr düýşüme girdi, işikdäki mellege durşuna şugundyr ekipdir, barmagyny çommaldyp: 'sen şundan günde birini iý!" diýýär. Diýşi ýaly etdim. Indi biri keselledim diýse, onlarça ýyl bäri şu düýşümi gürrüň berýärin."