"Alan ýurduň gutly bolsun, bolşewik"

Adam aýtdy:

"Beýik grek filosofy Aristotel bir çagany maňa ýedi ýaşaýança beriň, men size soň adam görkezeýin diýipdir. Biz ozal bolşewik gyrgynçylygyndan, soň Staliniň halka garşy urşundan aman galan, çöregini tapsa kaýyl bolan adamlaryň çagalary. Olar bize diňe özlerinde bar zady berip biljekdi. Kakam pahyr halk döredijiligini, nakyllary, Magtymguly, Kemine ýaly şahyrlaryň goşgy setirlerini gowy bilýärdi we islän wagty islendik meselede könelerden söz, setir, mysal ýa tymsal, rowaýat getirip bilýärdi. Emma mekdepde "Alan ýurduň gutly bolsun, bolşewik" diýen ýaly eserleri öwrenmäge has köp wagt berilýärdi. Biz şol wagt ol şahyrlaryň ýa ýazyjylaryň bu hili eserleri öz ýurduny basyp alan, ýaragsyz adamlary gyran basybalyjylara bagyşlap ýazandygy, munuň aňrybaş haýynlykdygy hakynda pikir edip bilmeýärdik. Bu barada diňe biz däl, mugallymlarymyz hem pikir etmeýän ýalydy. Ýöne soň, uniwersitetde okaýarkam olaryň bu barada pikir edendigine, emma bu hili 'anti-hökümet' pikirlerini daşyna çykarmakdan öler ýaly gorkup ýaşandygyna göz ýetirdim. Gynançly ýeri, bu şu günki günem şeýle. Şahyrlar we ýazyjylar köplügi ezijini kanunlaşdyryp, çörek puluny gazanjak bolýar, mugallymlar bolsa yzdan gelýän nesli ilki mekdepde, soň beýleki okuw jaýlarynda azaşdyrmak, ýalňyş ýola salmak bilen meşgullanýar. Çagalaryny bu hili ruhy kast edişlikden gorap bilýän ene-atalar bolsa gaty az. Şonuň üçin bizden garaşylýan adamlar kän çykmaýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024