Hunlar we biz
Adam aýtdy:
"Kärdeşlerimiň biri ýazýar: Wengriýada ýaş maşgalalara prosentsiz 31 müň ýewro möçberinde kredit berýärler, üçünji çagalary doglandan soň bolsa, ol krediti durşuna geçýärler. Dört we ondan köp çagaly maşgalalar salgyt tölemeýär. Wengriýada nebit hem, gaz hem ýok... Muny okap, beýleki kärdeşim başyny ýaýkaýar: Wengriýalylar hunlardan gelip çykan, biziň ata-babalarymyz bilen garyndaş diýip okapdym, bu ýalňyşdyr onda. Sebäbi beýleki türki halklaryň syýasatçylary gaty açgöz we beýle jomartlygyň entek pikirini hem edip bilmeýär. Diňe syýasatçylary däl, islendik emel ýeten, başarsa, bir-birini depeläp, ýokaryk galjak, dogan-doganyň gözüniň ýagyny iýjek. Biri-birine ynanýan iki adam ýok, ynanar ýaly hem bolmady."