Adam we onuň babasy
Adam aýtdy:
"Biri sosial mediada Leniniň, Staliniň, Gorbaçýowyň we Ýeltsiniň suratlaryny paýlaşypdyr. Olaryň birinjisiniň aşagynda 'döretdi', ikinjisiniň aşagynda 'berkitdi', üçünjisiniň aşagynda 'satdy', dördünjisiniň aşagynda 'içdi' diýen ýazgy bar. Muňa biriniň gahary gelip, 'tükmeni goýun eden şular esasy, dünýä üçin howp bular, ors elini çeksin Türkmenistandan, haramdag bir gün hem durup bilmez, gaýraty çatmaz' diýip ýazypdyr. Suratlary paýlaşan bu pikir ylalaşman: 'Sen Lenin bilen Putini garyşdyrma, Lenin bilen Staliniň döwründe meniň babam ýaşady, Stalin hakda hiç haçan ýaman zat aýtmady, Putinden diňe biz bizar däl, rus halky hem bizar' diýip ýazypdyr. Pikir edýärsiň, adam görnüp duran zady hem görüp bilmän, dünýä Stalin döwründe dagdy bolan babasynyň gözi bilen seredýän bolsa, oňa näme aýdyp bolar?"