Ajy hakykat
Adam aýtdy:
"Aýdylmaýan hakykaty aýtsaň, adamlar goldanok, hatda öz doganyň, doganoglanyň, dolananyň, çykanyň, ýakyn dostlaryň, il içinde sylaýan adamlaryň hem senden gaçýar. Ýogsa, ikiçäk gürleşseň ýa görýän görgülerini bilseň, eger hakykatdanam hakykaty ýa onuň ýarysyny, ondan birini aýdýan bolsaň, köp adam içinden seniň tarapyňda. Ýöne olary diňe işini ýitirmek ýa türmä düşmek gorkusy saklaýandyr öýtseň, gaty ýalňyşarsyň. Sebäbi köp adam, hatda seniň ýakynlaryň hem, ikiçäk wagtlarynda her hili gowy sözleri aýtsa-da, esasy seniň rowaçlygyňdan gorkýar. Men ozal bu pikirimi daşyma çykarmazdym, ýöne arada başga bir dilde ýazylan kitaby okap, munuň öňden gelýän we gaty gowy bilinýän hakykatdygyna göz ýetirdim."