Seniň işiň

Adam aýtdy:

"Halyl Jebran syýahat et, emma hiç kime aýtma, dürs ýaşa, emma hiç kime aýtma, bagtly bol, emma hiç kime aýtma, sebäbi adamlar owadan zatlary weýran edýär diýipdir. Şahyryň bu sözleri maňa sowet döwrüniň bir kümsük emeldaryny ýatlatdy: ol ýolda-yzda duşan tanyş, nätanyş adamlaryň ýanynda, maýyny tapsam, 'o ýerim agyrýar, bu ýerim agyrýar, ýagdaýym agyr' diýip zeýrenýärin, sebäbi bilip bolanok, eger aýagymdan golsuz arza ýazmagyň pikirini edip ýören bolsa, muňa wagt ýitirmäýin, özi hem basym öljek, başga biriniň kastyna çykaýyn diýsin diýip pikir edýärin diýýärdi. Käbirleri muňa gülerdi, ýöne şol ýyllarda ýokarlaryk ýazylan golsuz arzalaryň nähili 'iş bitirenini' bilseň, bu gülkünç görünmeýärdi. Häzir käbirleri orta çykyp, men ondan gorkamok, mundan gorkamok diýip, adamzadyň asyrlap gorkup gelen pesliklerinden hem gorkmadyk bolup, öz batyrlyklaryny, edermenliklerini mazamlaýarlar. Elbetde, bu olaryň iş ýüzünde gorkýandygyny görkezýär. Aslyna seretseň, gorkmaýan adam ýok. Sebäbi gorkmaly zat, hususan-da eli uzyn adamlaryň pesligi hiç wagt azalmaýar, köpelýär. Megerem şondan, duşmanyň peşe bolsa, pilçe gör diýipdirler. Haýwan-ynsan, islesin ýa islemesin, hemişe gorkmaly bolýar, şol ýagdaý hem ony şu günki derejelere çenli ösdüripdir, sebäbi howp-hatar ozaly pikirlendirýär, ýere ýapyrylyp, galman ýatmagy aňlatmaýar. Dogry, sen adalatsyzlygyň garşysyna nädip durmalydygyny bilmeýärsiň, ol köküni örän çuň urupdyr. Bu örän çylşyrymly mesele. Ikinji tarapdan, adalatsyzlygyň garşysyna göreşýän diýip, birleriniň elinde ýarag bolup, indiki, nobatdaky adalatsyzlyga ýol arçamagyň, özüňi, ýakynlaryňy heläk etmegiň hem mümkin. Diýmek, geýip ýören köwşüň ýyrtylanam bolsa, häzirlikçe täzesine puluň ýetmejek bolsa, ony näletläp, hapa çelegine zyňma-da, aýagyňa tiken, daş çümmez ýaly, dogry-düzüw çäre gözle, duýgy däl, sowuk kelle bilen ýaşa. Öňem biri duşmanyňa sögeniň bilen onuň abraýy kemelmeýär, dostuňy öweniň bilen onuň abraýy artmaýar diýipdir. Bu seniň özüňe-de degişli, özüňe ne garga, ne-de alkyş aýt. Şol bir wagtda-da, Platonyň aýdyşy ýaly, dowamly öňe süýşýän bolsa, her näçe haýal bolsa-da, hiç kimiň badyny alma, öz badyňy hem aldyrma, günde işiň bilen bol!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024