Özüni tanaýan adamlar

Adam aýtdy:

"Ýaşdym, gazetde işleýärdim. Başlygymyz kalendara berk boluň, tegelek ýaşy dolýan il adamlarynyň ýubileýleriniň öňünden gaçyň, gep-gürrüňe ýer goýmajak boluň diýerdi. Soň ol gep-gürrüňden gaçyp gutulyp bolmaýandygyna kän gezek göz ýetirdim. Başlygyň 'il adamlary' diýip, ýaňsymy-kinaýa bilen ýatladýan adamlary esasan ýazyjy-şahyrlardy. Gazetde olaryň 50, 60, 70 ýaşlary, resmi ýa resmi däl agramlaryna göräräk, saldamly makala bilen bellenmelidi. Emma olar hakynda makala ýazjak adam tapmak kyn bolýardy. Iň ýakyn dostlary, kärdeşleri hem, 'maňa diýmesene' diýip, bu işi kyn görerdi. Käbiri gönüläp, 'näme aýtjagymy bilemok, ýüzüne her zat diýip öwýäris, ýöne o komplimentleri il öňünde aýtsam, özümi masgara ederin' diýerdi. Ýöne ýalbar-ýakar edip, birine makala ýazdyraňdan soňam gep tapylýardy. Ýubileýi bellenenleriň gelip ýa ýolda duşanda sagbol aýdýany azdy, emma iňirdeýänleri kändi. Olar, bolmanda, makaladaky bir sözi halamazdylar, ýa suratlarynyň solak çykmagyndan nägile bolardylar. Käbiri bolsa, ýubileýine iki-üç aý galanda, öňünden redaksiýa gatnap başlardy. Indi pikir edýärin, adam 50, 60 ýaşap, birleriniň özi hakynda ýazjak ýubileý makalasynda aýdyljak sözlere şeýle mätäç bolsa, bu nämäni aňladýar? Olar özlerini tanamaýarmyka ýa tanap, birleriniň 'sen beýle erbet däl, gowy, gaty gowy' diýip ynandyrmagyna garaşýarmyka? Megerem, bu hassalyga has soň, döwlet başyna gelen adamlaryň gündelik masgaraçylygyny, ruhy gedaýlygyny synlap düşündim."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024