Başga mesele

Adam aýtdy:

"Bu gybat däl, bolan zat. Kerim Gurbannepesowyň Nazar atly ogly kakasy ýogalandan soň ýasa gelen ýazyjylaryň birinden 'kakam nähili şahyrdy, näme üçin onuň ýerine görünmäge beýle kän adam gelýär?' diýip sorapdyr. Ol ýazyjy, soň birnäçe adamyň ýanynda boýun almagyna görä, şol wagt bu soraga näme jogap berjegini bilmändir. Hudaýa şükür, ýazan zatlarymy aýalym, çagalarym okaýar, pikirini aýdýar, näme ýanýanymy bilip, derdimi paýlaşýar, bolmanda göwnüme degmejek bolýar, başgalaryň bileni-bilmäni, derdimi paýlaşany ýa onuň üstüne dert goşjak bolmagy - bu başga mesele."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024