Biz öňde
Adam aýtdy:
"Orus agamyz bizden ozdurjak. Bilim ministrligi daşary ýurt dilleriniň synaglaryny ýatyrýar, sebäbi olar okuwçylary ýurtdan gitmäge itekleýär diýýär. Beden terbiýesini hem ýatyrmak plany bar, sebäbi ol ýurtdan gaçmagy öwredýär, soň gezek geografiýa gelýär, bu sapak ýurtdan nirä gaçmalydygyny görkezýär; soň taryh sapagy ýatyrylar, bu sapak ýurtdan näme üçin gaçmalydygyny düşündirýär. Elbetde, iň soňunda ähliumumy sowatlylyk ýatyrylar, sebäbi şeýdilse, ýurtdan gaçanlar baran ýerlerinde hiç bir dokument dolduryp bilmez. Ýöne biz barybir olardan öňde: okap-ýazyp bilmeýänlerimiz hem ýurtdan arkaýyn gidip bilýär, sebäbi Türkiýede ne dil bilmek, ne-de sowat gerek, gije-gündiz işleseň bolýar."