Surat

Kelte ýol

Adam aýtdy:

"Gyrgyz kärdeşim feýsbukda birki sany surat paýlaşyp, aşagyndan ýazypdyr: gül ýaly ýanýol bar, emma adamlar iki-üç minut tygşytlajak bolup, köçe bilen ýanýol arasynda gök ot ekilen ýerden ýoda salýar, başga birleriniň zähmetini püçege çykarýar. Wah, adamlar diňe awtobus duralgasynyň ýanynda kelteräk ýol saýlaýan bolsady, muňa owarram diýse-de bolardy. Olar başga-da köp zatda, hatda bilimde, karýerada hem kelte ýoly saýlap alýarlar, uzak ýol geçenleri basgylap, her edip, hesip edip, olaryň öňüne geçjek bolýarlar we geçýärler. Bu gök otlugy basalandan has beter, bütin jemgyýeti basgylamak bolýar."
15.09.2021.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024