Gazanylan üstünlik

Adam aýtdy:

"Olaryň hiç birine kanun gerek däldi, diplom gerekdi, wezipe, kürsi gerekdi, kanunlardan aýlanyp geçmek, ýeserlik gerekdi. Şeýdip, bileleşip, görülmedik agzybirlikde, ulus-il bolup ýazylanu-ýazylmadyk kanunlary, mekdepleri, adamy adam eden däp-dessurlary, kadalary tep-tekiz etdiler. Indi hiç biriniň daýanara diregi ýok. Alladan ýa onuň ýerdäki wekilinden hiç kime peýda ýokdugyny tas hemmesi bilýär. Gaçany gaçdy, galany hem gaçmagyň pikirini edýär. Sebäbi ýykmazlar diýip, ýeserlik edip, 'elitni' alypdylar, emma indi olary hem ellerinden alýarlar. Bütin ömrüňe para berip, birlerine ýallaklap, adam satyp, ýykylany depip, özüňden ejizlerden öç alyp, hatda öýüňdäkileri hem ezip ýaşamaly. Nämemiş ezilen, basgylanan diňe başga birlerini basgylanda, adam mertebesini kemsidende köşeşýärmiş. Bu milli medeniýetiň aňrybaşy, soňky ýeten sepgidi ýa-da gazanan üstünligi boldy."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024