Ikiýüzlilik mekdebi

Adam aýtdy:

"Çynmy ýa ýalan, ýa-da ýarysy, üçden biri çyn, ýa-da tutuşlygyna toslama, biljek däl. Sowet döredijilik işgärleriniň arasynda Stalin, onuň döwürdeşleri hakynda her hili gep-gürrüň bar. Şol gürrüňleriň biri o gün sosial medida ýene bir gezek öňümden çykdy. Aýdylmagyna görä, Stalin 1930-njy ýyllarda dört sany tanymal režissýory çagyryp, "Ýoldaşlar, size üstünlikli işlemek üçin näme gerek? Utanmaň-da soraň" diýipdir. Mihail Romm näsag aýaly bilen bir otagda görýän kösençliginden zeýrenipdir. Stalin oňa jaý beriljegini aýdypdyr. Wsewolod Pudowkin şäheriň daşynda has gowy işleýändigini aýtsa, Stalin oňa daça wadasyny beripdir. Iwan Pyrýew bolsa, daçasyna barýança gaty kän güýç sarp etmeli bolýanyny aýdypdyr. Stalin oňa awtoulag wadasyny beripdir. Emma Grigoriý Aleksandrow ýaýdanyp, öz haýyşynyň gaty uly boljagyny aýdypdyr. Stalin oňa "Aýdyň, utanmaň" diýipdir. Şondan soň ol Stalinden "Leninizm meseleleri" atly kitabyna awtograf ýazyp bermegini haýyş edipdir. Aýdylmagyna görä, Aleksandrowa kitabyň ýany bilen jaý, awtoulag we daça berlipdir. Sowet döwründe munuň ýaly gürrüňleriň gahrymanlaryna ullakan ugurtapyjy, juda ýeser we akylly adamlar hökmünde garalýardy. Ýadymda, urşa gitmezlik üçin ýaşyny kiçelden we sowet adamlarynyň gahrymançylygyny wasp eden türkmen-sowet şahyrlarynyň biri sowminiň (Ministrler soweti) awtoulag ammaryndan hökümet ýolbaşçysynyň beren awtoulagyny almaga baranda, ol ýerde işleýän jogapkär adamyň "ahyry bir halal adamyň hem maşyn almaga gelenini gördüm-ow" diýenini buýsanç bilen gürrüň bererdi. Ol wagt onuň nähili halallyk bilen hökümetden maşyn alanyny sorag astyna almak bolmaýardy, sebäbi hiç kim bolşewikleriň guran diýdimzor režimi ýykylar, kimiň nämä gulluk edendigi barada başgaça pikir edilip başlanar öýtmeýärdi. Soň, bu režim çagşap ugranda ýene bir "halal" şahyr, ata kesbi ogla halal edip, kakasy ýaly ogurlykda tutulan "pida" orta çykdy. Ol sowet döwründe ynsaba, watan hakda gysga, agras we akylly gürlemäge çagyrýardy. Emma ol ynsaply şahyr birden, ýüzüniň perdesini taşlap, ýurtda patyşalyk gurmagy wagyz edip başlady we, geljekki patyşanyň berk ynamyna girendigine ynanyp, wezipesini ýitirmekden gorkýan ýaşuly başlyklardan, ýokarky bilen özüm gürleşerin diýip, diplomat ýygnamaga başlady we netijede, ogluny harby gullukdan boşatmak baradaky haýyşy zerarly, öz oýnunda utulmaly boldy. Sebäbi pahyr, näçe akyllydyryn öýtse-de, ýokarkylaryň omaçaly saçagynyň başynda beýle aňsat ornaşyp bolmajagyna, iň esasysy bolsa, ol ýerde hiç kime rahatlyk bolmajagyna, ýokardaky ýeliň has güýçlüdigine düşünmändi. Emma biz geçirimli bolan bolýarys, öleniň yzynda erbet gürrüň etmän, özümizi erbet ýagdaýa salýan bimessep adamlary, olaryň ogul-gyzlaryny we ýaranjaňlygyň ölmez nökerlerini ýene we ýene ikiýüzlilige ruhlandyrýarys."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024