Batgalykdaky bagt
Adam aýtdy:
"Bilip ýa bilmän batga batanlaryň arasynda bolup, batan batgalygyny bilmän ýa biljek hem bolman kömek soraýana, näçe isleseň-de, özüňi heläk etmekden başga kömek edip bilmersiň. Dogry, oňa gerek zat kändir. Birini alyp berseň, ikinjisini sorar, üçünjisini sorar. Emma isleýän zatlaryny almak üçin etmeli zatlaryny ýa edip biljek zatlaryny aýtsaň, ol diňlemez, akyl gerek däl, pul gerek diýer. Has dogrusy, oňa seniň hem batga batmagyň, ýa şol batgadan daşa gitmezligiň, diýmek, başga birleriniň batan we bäri-bärlerde çykmajak batgalygynda bolmanda pikiriňde galmagyň gerekdir. Sebäbi ol şonda, seni öz batgalygyna çekip bilen halatynda bagtlydyr."