Ahlak meselesi

Adam aýtdy:

"Ahlaksyz jemgyýetden başyňy gutaryp, uzak wagtlap busup, soňam bir gün başyňy galdyryp, garyplar aýtmyşlaýyn, diňe baýlara berýän alla-hudaýy dile çolap, başgalara ahlak öwretmek aňsat, ahlakly bolmak kyn. Elbetde, seçgi bar: tutuşlygyna ahlaksyz türmä öwrülen ýurtda ýa kelläňi diwara urup, gadym döwürlerde ýesir düşen mertler ýaly, gul boljak däl diýip, özüňi öldürmeli, ýa eliňe ýarag alyp, deň bolmadyk söweşde ölmeli. Emma bularyň hiç biri çözgüt däl, çünki adam yzyndakylary nä günlere saljakdygy barada pikir etmän bilmeýär. Haýp, bu ahlaksyzlyk birki ýylda ýa birki onýyllykda döremedi, ol öňräkden, sen dogulmankaň, seniň kakaň dogulmanka, seniň ataň dogulmanka hem bardy. Iň ýamany bolsa, bu günki ahlaksyzlyk ozaly sowatsyzlardan däl, sowatlylardan, hususan-da alla-hudaýy dile çolaýan okumyşlardan, okanlardan, ýöne okan zadyna düşünmediklerden, düşünenini etmediklerden, günäkär gözleýänlerden, özüni aklaýanlardan, menden we senden başlanýar. Bu birimiziň ýa ikimiziň däl, hemmämiziň ahlaksyzlygymyz, bilseň!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024